Tegelek stol ýazgy edildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 4-8-nji awgustynda geçiriljek Birleşen Milletler guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak we köpçülige ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleriniň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Kärdeşler arkalaşyklary guramasynyň başlygy B.Myratberdiýew