Sportuň erkin göreş görnüşi boýunça Aziýa çempionatyndaky uly ýeňiş

Sportuň erkin göreş görnüşi boýunça Aziýa çempionatyndaky uly ýeňiş Her bir işde bize görelde bolýan mähriban Arkadagly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz-nesihatçysy hökmünde-de her birimize nusgadyr.

Hormatly Arkadagly Prezidentimiz ynsan saglygy, abadançylygy hakyndaky aladany Türkmenistanyň Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykardy. Saglygyň esasy girewi hasaplanylýan bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy, sportuň dürli ugurlarynyň ösdürilmegi döwrümiziň bezegine öwrüldi. Munuň şeýle bolmagy halkymyzyň saglygyny gorap saklamaga, aýratyn-da, ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmegine öz täsirini ýetirýär. Olimpiýa oýunlary sportuň, medeniýetiň, halkara hyzmatdaşlygyň üsti bilen parahatçylyk, dostluk hem-de ylalaşyk taglymlaryny durmuşa geçirmegiň özboluşly ädimidir.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Logistika” taýýarlygyň ugrunyň 1-nji ýyl talyby Annaorazow Watan Bagtyýarowiç 2025-nji ýylyň 18–26-njy iýun aralygynda 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda sportuň Erkin göreş görnüşi boýunça Wýetnam döwletiniň Wing Tao şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda III baýrakly orna mynasyp boldy. Şeýle-de 5–13-nji iýul aralygynda 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda sportuň Erkin göreş görnüşi boýunça Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda hem III baýrakly orna mynasyp boldy.

Şeýle hem biziň ýokary okuw mekdebiniň Ýol gurluşygy fakultetiniň "Kartografiýa we geoinformatika" taýýarlygyň ugrunyň 1-nji ýyl talyby Döwletgeldi Myradow 2025-nji ýylyň iýul aýynda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda 86 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Ilki koreýaly Junhwan Lini 13:0, soňra bolsa hindistanly Saçini 12:1 hasap bilen ýeňen ýaş türgen diňe finalda eýranly Abolfazl Yaser Rahmani Firuzadjan bilen bolan tutluşykda 2:6 hasabynda ýeňlip, ikinji orny eýeledi.

Şu pursatdan peýdalanyp ýurdumyzda ýaşlarymyz üçin bilim, ylym, sport bilen meşgullanmaga ähli şertleri döredýän, sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürýän, nusgalyk mekdebini görkezýän Hormatly Arkadagly Prezidentimize jan saglyk, uzak ömür, ähli döwletli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.