Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Döwür bilen aýakdaş ýörelgede alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri diňe bir nazaryýet bilen çäklenmän, tejribäniň hem kämil derejede özleşdirilmegini maksat edinýär.
Şu günler Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary üçin örän möhüm tapgyr — tomusky okuw tejribesi dowam edýär. Bu tejribe sapaklaryna institutyň 1-nji, 2-nji we 3-nji ýyl talyplary gatnaşýarlar.
Okuw meýilnamasyna laýyklykda, geçirilýän bu okuw tejribeliginiň göçme okuw çäreleri ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda hem-de Ahal welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän dürli gurluşyk meýdançalarynda, jemgyýetçilik ähmiýetli binalarda, şäher gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilýän ýerlerinde alnyp barylýar.
Talyp ýaşlaryň häzirki wagtda nazary taýdan özleşdirilen bilimleriniň tejribede pugtalandyrylmagy, olaryň geljekde öz hünärlerine has ýokary taýýarlyk bilen başlamagyny üpjün edýär. Binagärlik we gurluşyk ugurlary boýunça alnyp barylýan bu tejribe sapaklarynda talyplar häzirki zaman gurluşyk tehnologiýalary, şäher meýilnamalaşdyrylyşy hem-de binagärlik estetikasynyň ösen ugurlary, gurluşyk düzgünleri bilen ýakyndan tanyşýarlar.
Talyp ýaşlaryň döwlet gurluşyk kärhanalarynyň tejribe maksatnamasyna işjeň gatnaşmagy, olaryň önümçilik bilen içgin gatnaşykda bolmagyna şert döredýär. Şeýlelikde, talyplar özleri üçin saýlap alan hünäri diňe bir kitap sahypalaryndan däl, eýsem durmuşda, ýaşaýşyň öz içinde hem öwrenýärler.
Okuw tejribesi ýaşlary döredijilikli pikirlenmäge, öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmäge, kämil hünärmenler bolup ýetişmäge ruhlandyrýar.
Eziz Annataganow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Okuw bölüminiň Önümçilik tejribeliginiň ýolbaşçysy.