Ylalaşygynyň çäklerinde Russiýanyň D. I. Mendeleýew adyndaky himiýa-tehnologiýa uniwersiteti bilen teleköpri arkaly geçirilen okuw sapagy

        Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Russiýanyň D.I. Mendeleýew adyndaky himiýa-tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygynyň çäklerinde Russiýanyň D. I. Mendeleýew adyndaky himiýa-tehnologiýa uniwersitetiniň “Informatika we kompýuter taslamalary” kafedrasynyň dosenti F.S. Sowetiniň çykyş etmeginde “Himiýa tehnologiýasynyň proseslerini modelleşdirme” dersinden 2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde “Моделирования ХТП с использованием комплекса программ ХЕМКАД” atly tema boýunça teleköpri arkaly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyplary  we fakultetiň mugallymlary gatnaşdylar.