Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ” aprel aýynyň 18-ine türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar. “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilen türkmen halysynyň dünýä mirasyndaky ornuny dabaralandyrmak, nesilden-nesle geçip gelýän halyçylyk sungatyny ýaş nesillerimize ýetirmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda institutyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika we binagärlik we gurluşyk fakultetiniň mugallymlary we talyp gyzlary bilen bilelikde Türkmen halysynyň Milli muzeýine gezelenç guraldy. “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.