2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda institutyň talyp ýaşlary we mugallymlary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine aýlanyp gördüler.
Aprel-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilelikde guramagynda geçiriljek 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherindäki ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy” atly bäsleşige gatnaşmak maksady bilen muzeýe aýlanyp gördüler.
Bagtyýar talyp ýaşlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine aýlanyp özlerine has gyzykly bolan temalardan muzeýde zähmet çekýän tejribeli işgärlerden ylmy maglumatlary sorap öwrendiler.
Muzeýe aýlanmagyň dowamynda hyjuwly ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen jemgyýeti kemala getirmek babatynda ýurdumyzda tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, Hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Berkarar döwletimizde alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.