“ÝAŞLAR – ATA WATANYMYZYŇ KUWWATY” ATLY HOŞALLYK MASLAHATY

            2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ýaşlarymyzy watansöýüji, päk ahlakly, giň gözýetimli edip ýetişdirmek maksady bilen,  çagalar baradaky hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösüp ýetişmekleri üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Watanmyzyň geljekki ykbaly çagalaryň abadan hem-de bagtyýar durmuşyna gönükdirilen tagallalaryny talyp ýaşlaryň arasynda ýaýbaňlandyrmak maksady bilen 2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň we Ýaş alymlar Geňeşiniň gurnamagynda, “Ýaşlar – ata Watanymyzyň kuwwaty” atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen jemgyýeti kemala getirmek babatynda ýurdumyzda tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, Hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Berkarar döwletimizde alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.