Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ders bäsleşikleriniň jemleýji tapgyry

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly we innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň we tebigy hem-de takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda möhüm çäre amala aşyryldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda, 2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriniň jemleýji II tapgyry geçirildi. Bäsleşik "Matematika", "Fizika", "Himiýa" we "Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary" dersleri boýunça guraldy.

Ders bäsleşikleriniň bu tapgyryna onuň onlaýn görnüşde geçirilen I tapgyrynda ýokary netijeleri görkezen zehinli okuwçylar işjeň gatnaşdylar.

Jemleýji tapgyr aşakdaky ýerlerde ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi:

  • Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de Ahal welaýaty boýunça — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda;
  • Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça — welaýat merkezlerindäki ýörite bellenilen bilim edaralarynda.

Guramaçylyk topary bäsleşigiň ýeňijilerini we baýrakly orunlary eýelänleri gutlaýar!

Her ders boýunça ýeňijileriň doly sanawy bilen aşakdaky salgy arkaly tanyşyp bilersiňiz: 

👉 NETIJELER 

Ähli okuwçylara işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirýäris we öňde duran uçurym hem-de giriş synaglarynda üstünlikler arzuw edýäris!


Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Guramaçylyk topary