Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşigi geçirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde öňümizde goýan baş wezipelerini durmuşa geçirmek, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriniň I tapgyryny “Matematika” okuw dersinden 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde, “Fizika” okuw dersinden 2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde, “Himiýa” okuw dersinden 2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde we “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” okuw dersinden 2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde onlaýn usulda, şeýle hem ders bäsleşikleriniň II tapgyryny Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde ýörite bellenilen bilim edaralarynda 2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde gatnaşmak usulynda geçirilýär. 

Bu bäsleşiklere ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylaryny işjeň gatnaşmaklyga çagyrýarys.

Okuw dersleri boýunça ders bäsleşikleri döwlet dilinde geçirilýär. 

Ders bäsleşiginiň guramaçylyk topary gatnaşmaga isleg bildirýän gutardyş synp okuwçylarynyň maglumatlaryny hasaba alyş formasyny şu salgydan ýükläp, dolduryp, tdbgiobolymp@gmail.com elektron salgysyna 2026-njy ýylyň 25-nji martyna çenli ugratmaklaryny haýyş edýär.


Synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşigi guramak we geçirmek hakynda DÜZGÜNNAMA