Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine kabul ediş möwsüminiň barşyny yzarlaýan platforma işe girizildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurdumyzdaky ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine 2025-nji ýyl üçin kabul ediş möwsüminiň barşyny beýan etmek maksady bilen dalasgar.bilim.tm atly maglumatlar saýtyny işe girizdi. Bu barada ministrlikde habar berilýär.
Türkmenistanda ilkinji gezek, ýokary okuw mekdeplerine kabul boýunça maglumatlaryň her gün täzelenýän interaktiw onlaýn-platforma döredildi. Bu web-portal dalaşgärlere her bir hünär we okuw mekdebi boýunça tabşyrylan resminamalaryň sany, arzalaryň geografiki ýerleşişi hem-de dürli ugurlar boýunça bäsdeşlik derejesi barada maglumat berýär.
«Platforma dalaşgärlere öz bilim derejesini we mümkinçiliklerini seljerip, okuw mekdebini we hünärini maksadalaýyk saýlap almakda, resminamalaryň tabşyrylyşyna degişli ýagdaýlary real wagt tertibinde yzarlamakda ýardam eder» diýip, ministrlikde nygtalýar.
Bu internet çeşmesiniň döredilmegi kabul ediş möwsüminiň aç-açanlygyny we adalatlylygyny üpjün etmäge, ýaşlara geljekki hünärini düşünip saýlamaga goldaw bermäge hem-de bilim ulgamynda açyk maglumat giňişligini döretmäge gönükdirilendir.

Maglumatyň çeşmesi şu salgyda