Işe kabul etmek boýunça bäsleşik

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty aşakdaky hünärler boýunça 2024-2025-nji okuw ýylynyň 2-nji ýarymynda pedagogik işgärleri işe kabul etmek boýunça bäsleşik yglan edýär:

  • “Senagat we raýat jaý gurluşygy” kafedrasy – 2;
  • “Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi” kafedrasy – 1;
  • “Çyzuw we materiallaryň garşylygy” kafedrasy – 1;
  • “Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika” kafedrasy – 1;
  • “Fizika” kafedrasy – 1;
  • “Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary” kafedrasy – 2;
  • “Kärhanalarda ykdysadyýet we dolandyryş” kafedrasy – 2;
  • “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasy – 1.

Instituta işe kabul etmek boýunça yglan edilen bäsleşige gatnaşýan pedagogik işgärleriň wezipeleri boýunça hünär derejesi babatda edilýän talaplar:

  • Degişli ugry boýunça hünärmen ýa-da magistr derejeli ýokary bilimi bolmaly.
  • Ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diploma ýa-da gowy bahalar bilen tamamlan bolmaly.

Tabşyrmaly resminamalarynyň sanawy:

  • Rektoryň adyna ýazylan arza; ýokary bilim hakyndaky diplomyň nusgasy;
  • hasap-synag sanawnamasyndan göçürmäniň nusgasy; soňky iş ýerinden häsiýetnama;
  • şahsy iş kagyzy;
  • zähmet depderçäniň nusgasy;
  • pasportyň nusgasy.

Bäsleşige arzalary kabul etmegiň möhleti: 02.02.2025ý. – 28.02.2025ý.
Bäsleşigiň geçirilýän senesi: 28.04.2025ý. – 30.04.2025ý.
Bäsleşigiň geçirilýän ýeriniň salgysy: Aşgabat şäheri, Baba Annanow köçesi, 136-njy jaýy.