Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “STEM olimpiada” atly innowasion bilim bäsleşigini hem-de onuň bilen ugurdaş STEM sergisini geçirýär we şuňa degişlilikde ýokary orta hünär we okuw mekdepleriniň talyplaryny bäsleşige işjeň gatnaşmaga çagyrýar.
Bu innowasion bäsleşiginiň geçirilmegi ylmy, tehnologiýany, inženerçiligi we matematikany, galyberse-de binagärçilik we robototehnikany bir ulgama jemläp, bitewi bir model hökmünde görkezip bilýän hem-de dizaýn-pikirlenmäni, döredijilikli çemeleşmäni, çeperçilik endiklerini, toparda işleşmek ukybyny, özbaşdak pikirlenmegi we tiz wagtyň özünde köpugurly meseleleri çözmek ussatlygyny taslama esasynda görkezip biljek aýratyn orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyplarynyň öz ukyp başarnyklaryny açyp görkezmeklerine, döredijilik ukybyny, tehnologiki ussatlygyny, döwrüň talaplaryna laýyklykda zerur bolan başarnyklary ele almaklaryna, geljekdäki kärine (hünärine) söýgi döretmek we dersara işjeňligini ýokarlandyrmagyň ýollaryny kesgitlemekde toparlaýyn işlemekligi öwrenmeklige ýardam berer.
“STEM olimpiada” atly innowasion bilim bäsleşigine hem-de onuň bilen ugurdaş STEM sergisine degişli goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň TDBGI.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdiriler.
“STEM olimpiada” atly innowasion bilim bäsleşigine hem-de onuň bilen ugurdaş STEM sergisine gatnaşmaklyga isleg bildirýän ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň sanawyny jogapkär mugallymlar, nusga laýyklykda gatnaşyjynyň hasaba alnyş maglumatyny (1-nji goşundy) anyk, dogry doldurmaly we 2025-nji ýylyň maý aýynyň 25-ine çenli institutyň tdbgistem2025@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly.
Habarlaşmak üçin:
Tel: +99365 10 10 18, +993 62 66 55 47