Programma üpjünçilik ussatlygy” Hakaton bäsleşigi geçirilýär

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2025-nji ýylyň 9-10-nji aprelinde Türkmenistanyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Programma üpjünçilik ussatlygy” Hakaton bäsleşigi onlaýn tertibinde geçirýär we ýokary orta hünär we okuw mekdepleriniň talyplaryny Hakaton bäsleşigine işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

  Bu Hakaton bäsleşiginiň geçirilmegi özbaşdak pikirlenip we mesele çözüp bilýän aýratyn orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyplarynyň öz zehinlerini açyp görkezmeklerine, hünär taýýarlygynyň hilini döredijilik ukybyny  geljekdäki kärine (hünärine) söýgi döretmek we olaryň programma üpjünçilikleriniň işjeňligini ýokarlandyrmagyň ýollaryny kesgitlemekde toparlaýyn işlemekligi öwrenmeklige ýardam berer.

“Programma üpjünçilik ussatlygy” Hakaton bäsleşige degişli goşmaça maglumatlar we bildirişler  TDBGI.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdiriler.

“Programma üpjünçilik ussatlygy” Hakaton bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary sanawyny nusgalaýyklykda jogapkär mugallymlar Gatnaşyjynyň hasaba alnyş maglumatyny (1-nji goşundy) anyk, dogry doldurmaly we  2025-nji ýylyň 26-nji martyna çenli institutyň tdbgi.progussat@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly.

Habarlaşmak üçin:

Tel:  +99365 10 10 18, +993 62 66 55 47

tdbgi.progussat@gmail.com

sedahojayev06@gmail.com

Düzgünnama

 

  • ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ ARASYNDA GEÇIRILEN “PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIK USSATLYGY” ATLY HAKATON BÄSLEŞIGIŇ NETIJELERI