2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 22-sine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň «Binagärlik» kafedrasynyň mugallym-öwrenijileri Jahan Annamyradowanyň we Kemalnepes Kerimowyň ýolbaşçylygynda Aşgabat şäheriniň 77-nji orta mekdebinde okuwçylar bilen netijeli hyzmatdaşlyk we hünäre ugrukdyryş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ýokary synp okuwçylaryna fakultetiň düzümine girýän döwrebap hünärler barada giňişleýin maglumat berildi. Olaryň hatarynda:
Mugallymlar tarapyndan her bir hünäriň özboluşly aýratynlyklary, okuw döwründe öwrenilýän esasy dersler, döredijilik ukyplaryna bildirilýän talaplar hem-de ýokary okuw mekdebini tamamlandan soňky iş mümkinçilikleri we jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýeti jikme-jik düşündirildi.

Çäräniň çäginde ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmaga, dünýägaraýşyny giňeltmäge we geljekki hünär saýlamak baradaky düşünjelerini ösdürmäge gönükdirilen gyzykly söhbetdeşlik guraldy. Okuwçylar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogaplary aldylar.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu tanyşdyryş duşuşygy ýaş nesliň öz gyzyklanmalaryna we başarnyklaryna laýyk gelýän hünäri saýlamagyna, geljekki maksatlaryny dogry kesgitlemegine hem-de binagärlik-gurluşyk ulgamyna bolan höwesini artdyrmaga uly ýardam berdi.
Ýaş nesliň kämil bilim almagy, döwrebap hünärleri ele almagy we Watanymyza mynasyp hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!