Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary barada Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary bilen tegelek stoluň başynda syýasy söhbetdeşlik ýazgy edildi. Ýazgy 2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda “Aşgabat” teleýaýlymynda ýaýlyma goýberildi.
Bu söhbetdeşligiň barşynda syýasy waka ýagny, 2026-njy ýylyň 19-20-nji noýabrynda Balkan welaýatynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşy barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Türkmenistanda guralan nobatdaky mejlisiniň örän wajyp taryhy ähmiýete eýedigi barada aýratyn nygtaldy.
Syýasy gepleşigiň ahyrynda bilim işgärlerine döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň At gazanan Arhitektory, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de Türkmenistanyň At gazanan Arhitektory, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly arzuwlar bilen sagbolsun aýdyldy.

Gulnar TEKAEWA
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny
Ylym bölümiriň baş hünärmeni