Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan, giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde öňümizde goýan baş wezipelerini durmuşa geçirmek, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, ýaşlarda ýeňşe bolan erki terbiýelemek, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň Elektrotehnika kafedrasy tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Elektrotehnika» boýunça ders bäsleşigi geçirildi.

Ders bäsleşigine ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň 18-si gatnaşyp, şolaryň 3-si — Türkmen döwlet energetika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty — bäsleşige onlaýn görnüşde goşuldy.

Bäsleşigiň geçirilmeginiň esasy maksady talyplara özbaşdak pikirlenmegi we işlemegi, çylşyrymly meselelerden baş alyp çykmagy öwretmekden, şeýle hem olarda nazaryýetde alan bilimlerini tejribede ulanmaga höwes döretmekden ybarat bolup, bu çäre ýaşlaryň öz intellektual ukyplaryny açyp görkezmeklerine uly mümkinçilik berýär.
