Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň professor-mugallymlary we fakultetiň talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 19-na sagat 15:00 da Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan guralan “Açyk gapylar daşary ykdysady syýasaty-strategiýasy daşary ýurtdan göni maýa goýumlaryny çekmek üçin ynamly binýadydyr” atly okuw-usuly seminary geçirildi.

Bu çykyşyň dowamynda Hemişelik Bitarap Türkmenistan tarapyndan halkara ýagdaýlaryny kadalaşdyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň netijelerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen teklipleriniň şu günki güne çenli 30-dan gowragynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda öňe sürülendigi we degişli Kararnamalaryň kabul edilendigi bellärliklidir. Munuň aýdyň mysaly hökmünde diňe, “2025-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, “Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”, “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary”, atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilendigi, Diňe 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 64-nji plenar mejlisiniň dowamynda, kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026-2035)”, “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalaryň dünýäniň ençeme döwletleriniň goldamagynda biragyzdan kabul edilendigi barasyndaky hoş habarlar ýurdumyzyň syýasy ýeňişleriniň güwäsidir diýip bellenip geçildi.

