Welaýatyň Kubogynyň baýrakdary: talyp Pena Taganow göreşiň kuraş görnüşi boýunça ýaryşda III orny eýeledi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmäge, şeýle hem zehinli türgenleri ýüze çykarmaga aýratyn üns berilýär.

Göreşiň kuraş görnüşi boýunça Lebap welaýatynyň Kubogy ugrunda geçirilen ýaryşda Ýol gurluşygy fakultetiniň «Köprüler we ulag tunnelleri» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Pena Taganow 90 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ýokary sport ussatlygyny, erjelligini we ýeňşe bolan ynamyny görkezdi. Ýaryşyň netijeleri boýunça ol hormatly III orny eýeledi we Hormat haty bilen sylaglandy!

Talybymyzy mynasyp baýragy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Oňa berk jan saglyk, abadançylyk, täze sport üstünliklerini hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz — Türkmenistanyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende götermek ýolunda uly ýeňişleri arzuw edýäris!