Kerimberdi işan metjidi (käbir çeşmelerde ony Halymberdi işan diýip hem atlandyrýarlar) Aşgabat şäheriniň çägine girýän Bagyr obasynda ýerleşýän taryhy-binagärlik ýadygärligidir. Ýadygärlik gadymy Nusaý galasynyň golaýynda ýerleşýär. Bu künjekde Şyh Alow kümmeti we Namazgä metjidi ýaly beýleki taryhy ýadygärlikler hem bar. Metjit XIX asyryň ahyrynda – XX asyryň başynda gurlup, ol şol döwrüň Aşgabat sebitine mahsus bolan binagärlik däplerini özünde jemleýär.

Binagärlik aýratynlyklary. Binanyň täsin nagyşlar bilen bezelen mährabynda gadymy Parfiýanyň we ellinistik medeniýetiň binagärlik öwüşginleriniň utgaşmasyny görmek bolýar. Ýadygärlik döwlet tarapyndan goralýan taryhy binalaryň sanawyna girizildi; bu ýerde rejeleýiş-dikeldiş işleri geçirilip, onuň ilkibaşdaky keşbi dikeldildi. Kerimberdi işan XIX asyrda türkmen halkynyň arasynda uly abraýdan peýdalanan ruhy we jemgyýetçilik işgäri bolupdyr. Ol Gurbanmyrat işan bilen bilelikde Gökdepe galasynyň goranyşyny guramaçylaryň we ruhlandyryjylaryň biri hökmünde taryha girdi.

Okuw-tejribe sapagynyň maksady – talyp ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryna daýanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan giň gerimli işleri: obalarymyzyň we şäherlerimiziň tanalmaz derejede özgerdilmegi, paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülmegi hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Mundan başga-da, «GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN – BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ýylynda ýurdumyzyň binagärlik mirasyny wasp etmek, binagärlik sungatynda ýetilen belent sepgitleri öwrenmek we talyp ýaşlary täze döredijilik işlerine ruhlandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys! Şeýle hem bu sapagy guramaga we geçirmäge gatnaşan mugallymlara hem-de bize ýardam beren ýolbaşçylara öz minnetdarlygymyzy bildirýäris.
