Sport äleminde täze sepgit: talybymyz baýrakly orna mynasyp boldy

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek, ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek hem-de zehinli türgenleri ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Döwlet derejesinde döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan talyp ýaşlarymyz diňe bir okuwda däl, eýsem, dürli derejeli iri sport ýaryşlarynda hem mynasyp çykyş edip, ýokary netijeleri gazanýarlar.

Şeýle guwandyryjy netijeleriň biri hem ýakynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça geçirilen Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşikde hasaba alyndy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen güýçli türgenleriň gatnaşmagynda örän çekeleşikli we gyzykly geçen bu ýaryşda institutymyzyň talyby Orazmyrat Çarymyradow aýratyn ussatlyk görkezdi.

Ýokary tizlik we tutanýerlilik talap edýän 100 metr aralyga ylgamak boýunça geçirilen bäsleşikde talyp türgenimiz 10,8 sekunt netije görkezip, bäsdeşlerinden öňe saýlanmagy we hormatly III orny eýelemegi başardy. Bu üstünlik Orazmyradyň yzygiderli türgenleşikleriniň we ýokary taýýarlygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Institutymyzyň agzybir talyp ýaşlary hem-de mugallymlar düzümi Orazmyrat Çarymyradowy bu mynasyp ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa geljekki okuwlarynda we sport äleminde mundan beýläk-de täze-täze belentlikleri, uly üstünlikleri arzuw edýärler!