2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyllyk talyplarynyň arasynda sportuň futbol görnüşi boýunça fakultetara ýaryşy geçirildi.

Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek hem-de sporty ösdürmek maksady bilen guralan bu bäsleşikde Ýol gurluşygy fakultetiniň ýygyndy topary ýokary ussatlyk görkezip, hormatly 1-nji orna mynasyp boldy.

Ýaryşda ýeňiş gazanan Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplarynyň sanawy:
Gazanan üstünlikleri üçin ýeňiji toparyň agzalary institutyň ýolbaşçylygy hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Talyplarymyzy mynasyp ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Olara berk jan saglyk, okuwlarynda üstünlik, sportda täze belentlikleri hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň şöhratyna mundan beýläk-de täze-täze aýdyň ýeňişleri arzuw edýäris!
