TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTYNYŇ TALYPLARY TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞLAR BAÝRAGYNA MYNASYP BOLDULAR

2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Aşgabat şäherindäki Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu şanly waka Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary üçin hem aýratyn buýsançly pursatlara beslendi. Institutyň üç talyby bilimde, ylymda we jemgyýetçilik işlerinde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanyp, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy.


TDBGI


«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilen bu dabarada ýurdumyzyň dürli ugurlarynda zehini, döredijilik başarnygy, zähmetsöýerligi we işjeňligi bilen tapawutlanan ýaşlar sylaglanyldy. Her ýyl gowşurylýan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy ýaşlaryň bilimde, ylymda, döredijilikde we beýleki ugurlarda gazanýan üstünliklerine berilýän ýokary bahanyň aýdyň nyşanydyr.

Bu abraýly baýraga Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň aşakdaky talyplary mynasyp boldular:

  • Halykow Sähet Kasymowiç — Inžener-mehanika fakultetiniň «Senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlarynyň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy» hünäriniň 4-nji ýyl talyby;
  • Emirow Söýünaly Mahmudowiç — Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň «Mikroelektronika we ýarymgeçirijili abzallar» taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby;
  • Kadyrow Şanazar Resulowiç — Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň «Aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy» hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Dabaranyň dowamynda baýragyň eýelerine degişli şahadatnamalar hem-de Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.


TDBGI


Talyp ýaşlarymyzyň bu abraýly baýraga mynasyp bolmagy institutymyzyň professor-mugallymlary we talyplary üçin uly şatlyk hem-de buýsançly waka boldy. Bu üstünlik ýaşlarymyzyň bilim almaga, ylmy gözleglere, hünär taýdan kämilleşmäge we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaga bolan yhlasynyň aýdyň netijesidir.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, zehinini we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmegi, ylymda hem-de hünär işinde belent sepgitlere ýetmegi üçin giň şertler döredilýär. Şeýle mümkinçilikler ýaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyryp, olaryň Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagyna ýardam berýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň agzybir professor-mugallymlar we talyplar köpçüligi Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan talyplarymyzy tüýs ýürekden gutlaýar hem-de olara okuwlarynda, ylmy we döredijilik işlerinde, geljekki hünär ýolunda täze üstünlikleri arzuw edýär!


Orazberdi Çaryýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy