«CIET 2026» HALKARA SERGISINDE BINAGÄRLIK GURŞAWYNYŇ DIZAÝNY HÜNÄRINIŇ TALYPLARY ÜÇIN GÖÇME OKUW SAPAGY GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 3–5-nji noýabry aralygynda Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahaty we sergisi (CIET 2026) geçirildi. Bu halkara forumyň çäklerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň nazary bilimlerini amaly taýdan berkitmek we hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen göçme okuw sapagy guraldy.


TDBGI


Göçme okuw sapagyna Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň «Binagärlik gurşawynyň dizaýny» hünäriniň 3-nji we 6-njy ýyl talyplary gatnaşdylar. Olara «Binagärlik» kafedrasynyň uly mugallymy Olga Ýowyýewa hem-de mugallym-öwrenijisi Jahan Annamyradowa ýolbaşçylyk etdiler.


TDBGI


Sergä baryp görmegiň dowamynda talyplar ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kärhanalarynyň binagärlik, dizaýn, gurluşyk tehnologiýalary we sanly ulgamlar boýunça taýýarlan diwarlyklary bilen içgin tanyşdylar. Mugallymlaryň ýolbaşçylygynda olar döwrebap dizaýn çemeleşmelerini, dürli gurluşyk materiallaryny hem-de innowasion taslama çözgütlerini öwrendiler.


TDBGI


Şeýle göçme okuw sapaklary nazary bilimler bilen amaly tejribäniň arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga, talyplaryň döredijilikli we innowasion pikirlenişini ösdürmäge, olary geljekki hünär işine taýýarlamaga ýardam edýär.


TDBGI


Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, saýlap alan hünärlerini çuňňur özleşdirmegi we ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin döredilýän şertler üçin Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Olara berk jan saglyk we uzak ömür arzuw edýäris.