Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Sanly tehnologiýalar – ähli ösüşleriň binýady!” atly okuw seminary geçirildi

TDBGI


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine meýletinçi talyplary ýokary derejede taýýarlamak maksady bilen möhüm çäreler guralýar. Ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakulteti bilen bilelikde gurnamagynda “Sanly tehnologiýalar – ösüşleriň binýady!” atly okuw seminary geçirildi.


TDBGI


Institutyň professor-mugallymlarynyň we meýletinçi talyplarynyň işjeň gatnaşmagynda geçen bu okuw seminarynda sanly ulgamyň hem-de innowasion tehnologiýalaryň ylym-bilim ulgamyndaky we halkara hyzmatdaşlygyndaky orny barada düýpli çykyşlar diňlenildi. Seminaryň meýilnamasyna laýyklykda “Daşary ýurt dillerini öwrenmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti” atly tema boýunça “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy Kümüş Allabaýewa çykyş edip, daşary ýurt dillerini özleşdirmekde döwrebap sanly platformalaryň giň mümkinçiliklerini beýan etdi. “Hünär öwrenmekde innowasion tehnologiýalary ulanmagyň aýratynlyklary” tema boýunça “Informatika we maglumat tehnologiýalary” kafedrasynyň uly mugallymlary Güljan Meredowa we Ogulgöwher Kösäýewa amaly sapaklary guramagyň innowasion usullary barada giňişleýin maglumat berdiler. “Daşary ýurt dillerini öwrenmekde emeli aňy ulanmagyň aýratynlyklary” atly tema boýunça meýletinçi talyplar Dawut Ruslanow we Gülnar Begenjowa dagy daşary ýurt dillerinde çykyş edip, häzirki zaman emeli aň tilsimleriniň dili tiz we netijeli öwrenmekdäki artykmaçlyklaryny amaly mysallar arkaly görkezdiler.


TDBGI


Okuw seminarynyň ahyrynda meýletinçi talyplaryň halkara çärelerine taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak we olaryň daşary ýurt dillerini hem-de sanly tehnologiýalary kämilleşdirmek boýunça döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň innowasion we zähmet ukybyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedigi bellenildi.


TDBGI


Kümüş ALLABAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 
Meýletinçiler merkeziniň başlygy