Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan döwletine bolan sapary dogrusynda syýasy gepleşik gurnaldy
10-11-2026
29
2026-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Akaba prosesiniň çäklerinde emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşyp, Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Institutymyzyň Demokratik partiýasynyň gurnamagynda bu saparyň many-mazmunyny, hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça üstünlikli ösdürilýändigi dogrusynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary bilen tegelek stoluň başynda gepleşik gurnaldy we Aşgabat teleýaýlymy bilen ýazgy edildi.