Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Birleşen Arap Emirlikleriniň “Masdar City” kompaniýasynyň wekilleri umumy okuw sapagyny geçirdi

2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň “Masdar City” kompaniýasynyň Maliýe we strategiýa şertnamalary boýunça ýokary derejeli müdiri Doktor Hamad Al Kaabi, Birleşen Arap Emirlikleriniň “Masdar City” kompaniýasynyň Taslamalar toparynyň ýolbaşçysy Mubarak Al Damasi, Birleşen Arap Emirlikleriniň “Masdar City” kompaniýasynyň Dizaýn we baş meýilleşdiriş boýunça ýokary derejeli müdiri Gauriş Wagle, Birleşen Arap Emirlikleriniň “Masdar City” kompaniýasynyň Tehnologiýalar we sanly özgertmeler boýunça býurosynyň müdiriniň orunbasary Eýad Abdulla Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Birleşen Arap Emirlikleriniň “Masdar City” kompaniýasynyň gurluşyk we binagärlik ugrunda alyp barýan innowasion işleri we öňdebaryjy tejribeleri barada umumy okuw sapagyny geçirmek üçin geldiler.


TDBGI


Birleşen Arap Emirlikleriniň “Masdar City” kompaniýasynyň Taslamalar toparynyň ýolbaşçysy Mubarak Al Damasi tarapyndan umumy okuw sapagy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Mejlisler zaly binasynyň 200 orunlyk Kiçi mejlisler zalynda geçirilip, bu umumy okuw sapagyna 200 sany talyp ýaşlar we professor-mugallymlar işjeň gatnaşdylar.


TDBGI


Birleşen Arap Emirlikleriniň “Masdar City” kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan geçirilen umumy okuw sapagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu Dabi şäherinde gurlan binalar, olaryň energiýa çeşmelerden netijeli peýdalanyşy, şähergurluşyk ugrunda gazanylan halkara üstünlikleri, energiýa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary, döwrebap gurluşyk materiallary hem-de şähergurluşyk ulgamyndaky iň täze inženerçilik çözgütleri barada giňişleýin maglumatlar berildi.


TDBGI


Umumy sapagyň çäklerinde taraplar halkara ylmy-intellektual hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Umumy sapagyň dowamynda gurluşyk we binagärlik ugry boýunça bilelikde halkara taslama işlerini alyp barmak, bilelikdäki innowasion taslamalary durmuşa geçirmek we “ýaşyl” tehnologiýalaryny önümçilige integrirlemek meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. Umumy sapagy işjeň sorag-jogap tapgyry bilen tamamlandy.


TDBGI


Myhmanlaryň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna gelmegi mynasybetli institutyň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berlen täze binalar toplumy bilen tanyşdyryldy. Myhmanlar bu iň kämil we innowasion bilim şäherçesiniň binagärlik we gurluşyk aýratynlyklaryna, institutda döredilen şertlere we okuw binalarynyň enjamlaşdyrylşyna aýratyn ýokary baha berdiler.


TDBGI


Çäräniň jeminde bu görnüşdäki halkara akademiki hyzmatdaşlygyň sanly platformalarynda hem yzygiderli guralmagynyň Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky ylym-bilim hyzmatdaşlygyny we dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga uly goşant goşjakdygy bellenildi.


TDBGI


Çäräniň ahyrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň “Masdar City” kompaniýasynyň wekilleri, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň agzybir professor-mugallymlar we talyp ýaşlary bilelikde Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza bu döredip berýän şeýle ägirt uly ajaýyp mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyklaryny we alkyşlaryny aýtdylar. Mähriban Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara we täze ýeňişlere beslenmegini arzuw etdiler. 


Amanmyrat Arazow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ylym bölüminiň başlygy