Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň «Elektrotehnika» we «Metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy» kafedralarynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde okuw seminary geçirildi.

Seminarda ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişi, onuň uzak aralyklara geçirilişi, ýitgileri azaltmak meseleleri hem-de bu ugurda döwrebap çemeleşmeler barada durup geçildi. Çykyş edenler elektrik energiýasyny tygşytlamagyň möhümdigini we ýokary kuwwatly elektrik enjamlary bilen işlenilende tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň pugta berjaý edilmelidigini nygtadylar. Mundan başga-da, hemişelik toguň elektrik zynjyrlaryny hasaplamagyň, öwrenmegiň mysallary we bu ugurdaky meseleleri dogry çözmegiň ýollary barada giňişleýin gürrüň berildi.

Şeýle hem, metalurgiýa dersiniň beýleki dersler bilen arabaglanyşygynyň okuw prosesiniň netijeliligini ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti bellenildi. Magdanlardan metallary almak, olary arassalamak, dürli häsiýetlere eýe bolan metal erginlerini taýýarlamak we olary önümçilikde ulanmak baradaky düşünjeleri ösdürmekde bu ylmyň möhüm orun eýeleýändigi aýdyldy.
Çäräniň ahyrynda internet ulgamy arkaly Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň taryhy, soňky ýyllaryň dowamynda gazanylan üstünlikler we täzelikler bilen giňişleýin tanyşdyryldy.