Häzirki döwürde ylym we tehnologiýa örän çalt depginde ösýär. Dünýäniň dürli ýurtlarynda alymlar täze açyşlary edýärler, tejribeler geçirýärler we möhüm ylmy meseleleriň çözgüdini gözleýärler. Ylmy maglumatlaryň, makalalaryň, kitaplaryň we halkara barlaglaryň köpüsi dürli dillerde çap edilýär. Dil bilmek diňe bir daşary ýurt edebiýatlaryny okamak bilen çäklenmän, eýsem halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen tejribe alyşmaga we bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga ýardam berýär. Bu bolsa ylmy-barlag işleriniň hilini we netijeliligini ýokarlandyryp, täze çemeleşmeleri ýüze çykarmaga şert döredýär.
Şu nukdaýnazardan 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 2-sine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymlary Nabat Garryýewa, Merjen Baýramgulyýewa, Güljemal Gurbanowa, Gurbanbibi Kakabaýewa we Mamajan Haýtmuradowa tarapyndan institutymyzyň ähli umumy ýaşaýyş jaýlarynda “Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ylmy-barlag işlerine täsiri” atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi. Duşuşygyň dowamynda talyplar bilen sorag-jogap alşyldy. Bu duşuşyk talyplarda uly täsir galdyrdy.

Himiýa tehnologiýa fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallym-öwrenjisi Güljemal Gurbanowanyň YDF-niň 3-nji UÝJ-da talyplaryň arasynda “Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ylmy-barlag işlerine täsiri” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Himiýa tehnologiýa fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymy Merjen Baýramgulyýewanyň RGF-niň 2-nji UÝJ-da talyplaryň arasynda “Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ylmy-barlag işlerine täsiri” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Himiýa tehnologiýa fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymy Nabat Garryýewanyň HTF we IMF-niň 1-nji UÝJ-da talyplaryň arasynda “Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ylmy-barlag işlerine täsiri” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Himiýa tehnologiýa fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymy Mamajan Haýtmuradowanyň BGF-niň 6-njy UÝJ-da talyplaryň arasynda “Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ylmy-barlag işlerine täsiri” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Şeýle hem, bu çäreleriň çäklerinde Himiýa tehnologiýa fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymy Gurbanbibi Kakabaýewa tarapyndan Ýol gurluşygy fakultetiniň 4-nji UÝJ-da talyplaryň arasynda “Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ylmy-barlag işlerine täsiri” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.