HALYÇYLYK SUNGATY: TALYP GYZLARYŇ TÜRKMENISTANYŇ MILLI MIRASY BILEN TANYŞMAGY

Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň zenanlar guramasy tarapyndan Türkmen halysynyň Milli muzeýine çäre guraldy. Bu muzeýde talyp gyzlarymyz haly we haly önümleriniň birnäçe görnüşleri bilen ýakyndan tanyşdylar.


TDBGI


Uruş ýyllarynda dokalan halylar şeýle-de Äpet halynyň dokalşy, suw geçirmeýän haly we haly önümleriniň saklanyş düzgünleri, arassalanyş usullary barada birnäçe gyzykly maglumatlar aldylar. Her welaýatymyzyň ajaýyp halylarynyň aýratynlyklary barada hem kän maglumatlar aldylar. Esasan hem talyplarda Aždar halynyň dokalşy, ol ýerdäki çitim sanlary, dokamak üçin ulanylan gurallar barada hem hünärmenlerden birnäçe maglumatlar aldylar.


TDBGI


Ata-babalarymyzdan gelýän Milli mirasymyzy gorap saklamak, ony döwrebaplyk bilen dowam etmek bu günki günde ýaşlara uly höwes bilen dowam etmekde ähli mümkinçilikleriň bardygyna has-da göz ýetirdiler. Talyp gyzlar özleriniň ýürek arzuwlaryny surat çekmek bilen beýan etdiler.


TDBGI


Pursatdan peýdalanyp döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman bolsun.


TDBGI