GADYMYÝETI ÖWRENIP: SEÝITJEMALEDDIN METJIDINIŇ TARYHY-ARHITEKTURA TOPLUMYNA GÖÇME SAPAK

Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Binagärlik gurşawynyň dizaýny” hünäriniň 3-nji we 6-njy ýyl talyplary bilen “Binagärlik” kafedrasynyň uly mugallymy Olga Ýowyýewanyň we mugallym-öwrenijisi Jahan Annamyradowanyň ýolbaşçylygynda göçme okuw sapagy geçirildi. Göçme okuw sapagynyň çäginde biz talyplar bilen bilelikde Änew şäherindäki Seýitjemaleddin metjidiniň taryhy-arhitektura toplumyna baryp gördük. Amaly sapagyň esasy maksady taryhy desgany, onuň binagärlik aýratynlyklaryny we medeni ähmiýetini öwrenmek bilen bagly amaly başarnyklary gazanmakdan ybarat boldy.


TDBGI


Göçme okuw sapagynyň dowamynda biz Änew şäherindäki Seýitjemaleddin metjidiniň taryhy, binagärlik aýratynlyklary we saklanyp galan bezeg elementleri bilen tanyşdyk. Talyplar taryhy desgany gös-göni öwrenmäge, onuň gurluşyna, dürli bezeg elementlerine  we binagärlik gurşawynyň aýratynlyklaryna üns berdiler.


TDBGI


Göçme okuw sapagynyň aýratyn gyzykly bölekleriniň biri Awstraliýadan gelen daşary ýurtly myhmanlar bilen bolan aragatnaşyk boldy. Biz olar bilen söhbetdeş bolduk, özara pikir alyşdyk we olaryň Türkmenistanyň taryhy ýerlerine bolan garaýýyşlaryny öwrendik. Şeýle aragatnaşyk talyplara medeniýetara kommunikasiýa boýunça goşmaça tejribe almaga we daşary ýurtly raýatlar bilen aragatnaşyk endiklerini ösdürmäge mümkinçilik berdi. 


TDBGI


Mundan başga-da, amaly sapagyň dowamynda talyplar surat tagtanyň kömegi bilen Seýitjemaleddin metjidiniň eskizlerini taýýarladylar. Bu iş binanyň binagärlik görnüşlerine we daşky keşbiniň aýratynlyklaryna has içgin üns bermäge mümkinçilik berdi. Umuman, okuw tejribesi many-mazmunly we gyzykly geçdi. Talyplar diňe bir Änew şäheriniň taryhy-medeni mirasy barada täze bilimleri edinmek bilen çäklenmän, eýsem wideo ýazgy düşürmek, surat çekmek we medeniýetara aragatnaşyk boýunça amaly tejribe hem gazandylar. Geçirilen sapak nazary bilimleri iş ýüzünde ulanmak bilen birlikde, talyplaryň döredijilik we kommunikatiw başarnyklaryny ösdürmäge hem ýardam berdi. 


TDBGI