2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 1-ne Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan “Diplomatiýada daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti we orny (Fransuz diliniň mysalynda)” atly okuw-usuly seminary guraldy. Bu çäre Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň – bedew ýylynyň aýratyn ähmiýete eýedigi, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda ahalteke bedewlerine uly ornuň degişlidigi baradaky pähimlerine aýratyn üns çekildi.

Şeýle hem halk wekillerinden we raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at – myradyň mekany ýyly” diýip yglan edilendigi bellenildi. Bu ýylyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda örän uly, beýik işleriň durmuşa geçirilýän ýyllarynyň biri boljakdygy nygtaldy.
