Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetinde «Metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy» kafedrasynyň uly mugallymy Gandym Çetiýew tarapyndan «Polat önümçiliginde elektrik energiýasyny tygşytlamagyň usullary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda polat önümçiliginde elektrik energiýasynyň netijeli peýdalanylmagy, elektrik hereketlendirijileriniň işiniň optimallaşdyrylmagy, reaktiw energiýanyň öwezini dolmak, elektrik torlarynda ýitgileri azaltmak, şeýle hem energiýa sarp edilişine sanly gözegçilik we önümçilik proseslerini awtomatlaşdyrmak bilen bagly döwrebap çözgütler barada giňişleýin maglumat berildi.
Çykyşda energiýa serişdelerini tygşytly peýdalanmagyň diňe bir önümçilik çykdajylaryny azaltmaga däl, eýsem enjamlaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga hem ýardam edýändigi aýratyn bellenildi.
Şeýle hem yzygiderli energiýa auditi, sanly monitoring we awtomatiki gözegçilik ulgamlarynyň energiýa tygşytlaýyş çäreleriniň durnukly netijeliligini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Geçirilen ylmy-amaly maslahat talyplaryň nazary bilimlerini önümçilikde ulanylýan döwrebap tehnologik çözgütler bilen utgaşdyrmaga, energiýa netijeliligi hem-de önümçilik prosesleriniň sanly dolandyrylyşy baradaky düşünjelerini giňeltmäge ýardam berdi.
