Uly buýsanç bilen habar berýäris, 2026-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda çapdan çykan «Biznes reklama» milli hepdelik gazetiniň №36 (1446) sanynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy Tirkeş JUMADURDYÝEWIŇ «Täze bilim ojagynda täze üstünliklere ruhlanyp» atly makalasy çap edildi.
Awtor öz makalasynda institutyň durmuşyndaky täze döwür, döwrebap binalar toplumynyň açylyşy, şeýle hem bu ýerde ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, ylmy iş bilen meşgullanmagy we hünär taýdan kämilleşmegi üçin döredilen giň mümkinçilikler barada gürrüň berýär. Täze okuw toplumynyň döwrebap enjamlaşdyrylyşyna, onuň bilim we tehnologik infrastrukturasyna, şeýle hem institutyň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň öňünde açylýan täze mümkinçiliklere aýratyn üns berilýär.
Mugallymymyzyň makalasynyň «Biznes reklama» gazetiniň sahypalarynda çap edilmegi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ösüşi, onuň gazanan üstünlikleri, şeýle hem bilim ulgamynda we ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen giň jemgyýetçiligi tanyşdyrmak üçin ýene-de bir ajaýyp mümkinçilikdir.
Mugallymlarymyzy, talyplarymyzy we ähli okyjylarymyzy 2026-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda çapdan çykan «Biznes reklama» gazetinde Tirkeş Jumadurdyýewiň makalasyny okamaga hem-de institutymyzyň taryhynyň täze sahypasy barada has giňişleýin maglumat almaga çagyrýarys!