2026-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygy mynasybetli “Ylymly ýaşlar – Watanymyzyň daýanjy” atly dabaraly çäre geçirildi.

Bu dabalary çärede Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan Türkmenistanyň Mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna çenli döwürde ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler we şöhratly menziller barada çykyşlar ýerine ýetirildi.

Dabaranyň ahyrynda institutda häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ylymly-bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly talyplary ýetişdirmekde we döwrebap ylmy barlaglary geçirmekde ýokary netijeleri görkezýän ýaşlary höweslendirmek, institutymyzyň jemgyýetçilik we döredijilik işleriniň ýerine ýetirilmegine aýratyn uly işjeňlik bilen gatnaşýandygy üçin hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy şanly baýramçylygy mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Täze açyljak bu ylym köşgi Türkmenistanyň gurluşyk ylmynyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da belende göterjek iň uly ojak bolar. Biz ýaşlara döredip berýän şeýle ägirt uly mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris. Mähriban Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara we täze ýeňişlere beslensin!
Amanmyrat ARAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ylym bölüminiň başlygy