Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmak Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň baş ýörelgesidir

2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 22-nji sentýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň baş ýörelgesidir” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.


TDBGI


Ylmy-amaly maslahatyň başynda institutyň Ylym bölüminiň başlygy Arazow Amanmyrat Kakaýewiç çykyş edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan il bähbitli, döwlet ähmiýetli ösüşler, ylymda, bilimde amala aşyrylýan oňyn özgertmeler dogrusynda gürrüň berdi.


TDBGI


Şeýle-de maslahatda professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler baradaky çykyşlary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Ylmy-amaly maslahatda çykyş eden mugallymlar we talyp ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza şeýle hem Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.


TDBGI


Gülnar TEKÄÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ylym bölüminiň esasy hünärmeni