Agzybirligiň berk binýady — döredijilikli geljegiň ygtybarly daýanjy!
24-09-2026
28
Hormatly mugallymlar, talyplar we portalymyzyň myhmanlary!
Ýurdumyzyň durmuşyndaky iň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň birine — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlanan «Agzybirligiň berk binýady» atly makalany dykgatyňyza hödürleýäris.
Makalada milli demokratiýamyzyň türkmen nusgasynyň düýp manysy çuňňur açylyp görkezilýär, halkymyzyň agzybirliginiň we ata-babalarymyzyň paýhasly däpleriniň dowamatlylygynyň möhümdigi nygtalýar. Bu makala Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Watanymyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini we häzirki döwrüň döredijilik ruhuny şöhlelendirýär.
Bu makalanyň awtorynyň ýokary okuw mekdebimiziň wekili — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Baba Myratberdiýewdigini buýsanç bilen belleýäris.
Makalanyň asyl nusgasy hormatly umumymilli neşiriň sahypalarynda — 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda çykan «Mugallymlar gazeti» gazetinde çap edildi.
Sizi makalanyň doly teksti bilen tanyşmaga çagyrýarys!