Bedew batly il bagtyýar, Garaşsyzlyk toýun tutýar!

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly baýramy mynasybetli “Bedew batly il bagtyýar Garaşsyzlyk toýuny tutýar” atly baýramçylyk konserdi geçirildi.


TDBGI


Garaşsyzlyk baýramy halkymyzyň agzybirliginiň, bagtyýar durmyşynyň, milli gymmatlyklarymyza we däp-dessurlarymyza bolan buýsanjynyň aýdyň beýany bolup durýar. Şanly baýramçylyk mynasybetli geçirilen dabaraly çäre hem talyp ýaşlaryň Watana bolan söýgüsini, milli medeniýetimize we sungatymyza bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy.


TDBGI


Konserdiň dowamynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde Watany, Garaşsyzlygy, Parahatçylygy we bagtyýar durmuşy wasp edýän aýdym-sazlar, tanslar hem-de çeper çykyşlary ýanlandy. “Bagtyýarlyk binasy” aýdym-saz toparynyň çykyşlary baýramçylyk dabarasynda aýratyn öwüşgün çaýdy. Baýramçylyk çäresinde Garaşsyz Watanymyzyň, ösüşlerini türkmen halkymyzyň agzybirligini we bagtyýar geljegini wasp etýän çykyşlar tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.


TDBGI


Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we ähli professor mugallymlary, talyp ýaşlary tüýs ýürekden gutlaýarys.


TDBGI


Türkmenistanyň at gazanan arhitektorlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsyn!


Kompýuter hasaplaýyş merkeziniň
EHM-operatory Mähri Aşyrowa