“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň baýramçylyk günleriniň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar barada “Aşgabat” teleýaýlymynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazgy edilip, ýaýlyma goýberildi.
Bu gepleşigiň dowamynda sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýurdumyzyň bilim işgärleriniň, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary tarapyndan uly buýsanç bilen görülýän taýýarlyklar, bu taryhy döwletli maslahatda kabul ediljek il bähbitli, ýurt ähmiýetli ähli kararlar, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmeklige gönükdiriljek täzelikler barada söhbet edildi.
Gepleşigiň ahyrynda asuda, abadan Watanymyzda halkymyzyň agzybirligi, jebisligi ugrunda alyp barýan oňyn özgertmeleri, şeýle hem bilim işgärlerine döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly arzuwlar bilen sagbolsun aýdyldy.
Ylym bölüminiň esasy hünärmeni
Gülnar TEKÄÝEWA