Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary dogrusynda syýasy gepleşik gurnaldy

2026-nji ýylyň 14-16-njy sentýabry aralygynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Koreýa Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Iki taraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary dostlukly ösdürmegi maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähimýet berýändigini aýtdy. Häzirki wagtda Koreýa Respublikasy ýurdumyzyň Aziýa – Ýuwaş umman sebitinde möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirip, Koreýa Respublikasyna ilkinji döwlet saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Şeýle hem Merkezi Aziýa- Koreýa sammitine hem gatnaşyp taryhy söz sözledi.

Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda aýratyn orny eýeleýär. Ýurdumyz koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda alyp barýan işine ýokary baha berýär. Olaryň gatnaşmagynda strategik taýdan ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi we bu işler dowam etdirilýär. Häzirki wagtda umumy bahasy 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 17 sany taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistan ynsanperwer ulgamda-da iki taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz saparyň iktaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge gönükdirilendigini, geçirilen gepleşikleriň bolsa iki döwlet özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösürmegi maksat edinýändigini tassyklaýandygyny aýdyp, türkmen tarapynyň bu saparyň netijelerine ýokary baha berdi. 

Saparyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz bu döwletiň dünýä belli Songýungwan uniwersitetine hem bardy. Ol ýerde Hormatly Prezidentimize bu ýokary okuw mekdebiniň aspirantura bölüminiň çözgüdi boýunça syýasy ylymlaryň hormatly doktory diýen belent dereje berildi. Döwlet Baştutanymyz syýasy ylymlaryň hormatly doktory diýen ýokary adyň berlendigi üçin Songýungwan uniwersitetiniň ýolbaşçylaryna we ähli işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ýola goýulan hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny alamatlandyrýar. Bu bolsa özara bähbitli we hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürmäge giň ýol açdy. Hormatly Prezidentimiziň Koreýa bu sapary iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine ýardam eder. Hormatly Prezidentimiziň Koreýa döwletine sapary dogrusynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Demokratik partiýasynyň gurnamagynda mugallymlar bilen “Ösüşleriň we bagtyýar geljegiň batly gadamlary” atly tegelek stolyň başynda gepleşik gurnaldy.


TDBGI


Taýýarlan: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Demokratik partiýasynyň ilkinji guramasynyň başlygy
Ilaman Myradow.