Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Malaýziýanyň Tenaga Nasional (UNITEN) uniwersitetde tomusky gysga möhletleýin okuwlara gatnaşdylar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary 2026-njy ýylyň  23-nji iýulyndan 4-nji awgusty aralygynda geçirilen Malaýziýanyň Tenaga milli (UNITEN) uniwersitetiniň “Uniten Energy Adventure – Summer Camp” atly tomusky gysga möhletleýin okuwlara gatnaşdylar.


TDBGI


Tomusky okuwlar Malaýziýanyň Tenaga milli (UNITEN) uniwersitetiniň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet Energetika institutynyň arasynda gol çekilen Talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy boýunça Ylalaşygyň çäklerinde gurnaldy. Tomusky okuwlara Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryndan başga-da ýokarda agzalýan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdy.


TDBGI


Geçirilen okuwlarda talyplar UNITEN-iň esasy ylmy barlaghanalary bilen içgin tanyşdylar. Olar Robototehnika, PERL, Gün energiýasy we Bioenergiýa barlaghanalaryna baryp, şol ýerda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Şeýle-de olar “Gaýtadan dikeldilýän energiýa” we “Energetikada maglumatlaryň derňewi” ýaly ugurlar boýunça ýörite işçi duşuşygy gatnaşyp, UNITEN-iň tejribeli hünärmenleri bilen pikir alyşdylar.

Okuwlar UNITEN-iň Kämilleşdirilen okuw merkezinde (IRC) tejribeli professor-mugallymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda guramaçylykly  alnyp baryldy.

Talyplar Malaýziýanyň baý medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşdylar. Gezelenjiň çäginde Saloma köprüsi, Soltan Abdul Samad binasy ýaly taryhy hem-de medeni taýdan möhüm ýerlere barylyp gördüler.

Bu halkara ylmy-medeni maksatnama, talyplaryň öz okaýan ugurlary boýunça bilimini artdyrmaga hem-de Malaýziýanyň medeniýetini, taryhyny we ösen bilim ulgamyny ýakyndan öwrenmekleri üçin ajaýyp platforma boldy. Tertipnamada bellenilen ähli çäreler UNITEN-iň ýolbaşçy düzüminiň, mugallymlarynyň we meýletinçi talyplarynyň ýokary tagallasy netijesinde doly we kämil derejede amala aşyryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň ösdürilmegi ugrunda edilýän işler, milletiň aýdyň geljegini, döwletiň sarsmaz binýadyny we halkyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň ygtybarly kepilidir. Talyplarymyza, mugallymlarymyza we ylmy işgärlerimize şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän, olaryň hemmetaraplaýyn kämilleşmegi üçin dynuwsyz atalyk aladalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlar aýdýarys. Goý, olaryň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç alsyn!


Amanmyrat ARAZOW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 
Ylym bölüminiň başlygy