Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar astynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ylmy we amaly işleri ata Watanymyzy gysga döwrüň içinde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmakda, ähli pudaklary innowasion esasda ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda, ösen bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmakda uly ähmiýeti bardyr.
Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynyň birinde şeýle belläpdi - Her bir döwletiň binýadynyň berkligi, ösüşiniň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglydyr. Ajaýyp sözlerden ugur alyp Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ägirt uly işleri ýola goýdy.
Golaýda, has takygy şu ýylyň 26-njy iýuly - 4-nji awgusty aralygynda Amerikanyň birleşen ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patşylygynyň Londan uniwersitet koležiniň we Bolgariýa Respublikasyndaky Amerikan uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen 33-nji Halkara matematika bäsleşigine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Öwezmyradow Batyr Wepaýewiç gatnaşyp Altyn medala mynasyp boldy.

Berkarar döwletimizde ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim almagy üçin ähli şertleri üpjün etmek, zehinli ýaşlara goldaw bermek, ýaşlaryň beden we ruhy ösüşine gönükdirilen şertleri döretmek işleri maksatnamalaýyn amala aşyrylýar. Mähriban Arkadagymyzyň ýaşlara bolan ynamyny ödemek biziň baş maksadymyzdyr. Arkadag Prezidentimiziň sargyt edişi ýaly, dogruçyl, akgöwünli, hoşniýetli, zähmetsöýer we watançy bolmak baş ýörelgämizdir.
Şu pursatdan peýdalanyp Ata Watanymyz Türkmenistan döwletimizi ähli taraplaýyn, köp ugurly ösdürýän Gahryman Arkadagymyza, Gahryman Arkadagly Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, mertebeli başlarynyň hemişe aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.