Häzirki wagtda ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy aýawly saklamaga, öwrenmäge we dünýä ýaýmaga aýratyn üns berilýär. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda uly halkara çäreleri meýilleşdirilýär.

Bu dabaraly çärelerde meýletinçi ýaşlaryň ornuny artdyrmak, olary ýokary derejede taýýarlamak, şeýle-de taryhy, medeni we etnografik gymmatlyklarymyzyň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine göçme okuw sapagy gurnaldy.

Göçme okuwyň çäklerinde institutyň tejribeli mugallymlary çykyş edip, muzeýiň ýaşlaryň gözýetimini giňeltmekdäki hem-de halkara çärelerine taýýarlanýan meýletinçileriň dil we medeni taýýarlygyny kämilleşdirmekdäki ähmiýeti barada, şeýle hem pederlerimizden galan mirasymyzy ylmy taýdan öwrenmek barada, sanly tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň üsti bilen milli gymmatlyklarymyzy dünýä jemgyýetçiligine ýetirmegiň döwrebap usullary barada giňişleýin durup geçdiler.

Göçme okuwa institutymyzyň işjeň meýletinçi talyplary hem gatnaşyp, muzeýiň taryhy, etnografik hem-de tebigat bölümlerini aýlanmak bilen özleriniň buýsançly täsirlerini paýlaşdylar. Bu çäre meýletinçi talyplaryň öňümizdäki halkara forumlarynda ýurdumyzyň baý medeniýetini daşary ýurtly myhmanlara ýokary derejede düşündirip bilmekleri üçin uly amaly tejribe bolar.

Bu çärä gatnaşanlar medeni mirasymyzy öwrenmäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyklaryny bildirdiler.
Kümüş Allabaýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Meýletinçiler merkeziniň başlygy