Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralan ylmy-amaly maslahat

TDBGI


Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 22-nji iýun güni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny hem-de ylmy ösüşlerini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.


TDBGI


Maslahatyň dowamynda Binagärlik-gurluşyk fakultetinde onuň II bölümçesi hem üstünlikli dowam etdirildi. Çykyş eden mugallymlar binagärlik sungatynyň ösüş ugurlary, häzirki zaman gurluşyk tehnologiýalary, şäher gurluşygyny kämilleşdirmek, şeýle hem milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki döwrüň talaplary bilen utgaşdyrylmagy barada giňişleýin we mazmunly çykyş etdiler.


TDBGI


Şeýle hem çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekdäki orny aýratyn nygtaldy. Gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan soraglaryny berip, mugallymlar bilen işjeň pikir alyşdylar. Maslahat özara tejribe paýlaşmak hem-de ylmy pikir alyşmak görnüşinde dowam edip, ýokary derejede jemlendi.


TDBGI