Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna okuw-tejribeligi guraldy

TDBGI


Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň Binagärlik kafedrasynyň 3-nji ýyl talyplary üçin Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna okuw-tanyşlyk tejribeligi guraldy. Çärä “Binagärlik gurşawynyň dizaýny”, “Binagärlik” hem-de “Şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek” hünärleri boýunça bilim alýan talyplar gatnaşdylar. Okuw-tejribeligi mugallym-öwreniji Myradow Arslan hem-de mugallym Hojaberdiýew Aşyrgeldiniň ýolbaşçylygynda geçirildi.


TDBGI


Okuw-tejribeliginiň esasy maksady talyplary ýurdumyzyň iri medeni ojaklarynyň biri bolan Döwlet kitaphanasynyň binagärlik aýratynlyklary, gurluş çözgütleri, içerki giňişlikleriniň guralyşy hem-de häzirki zaman kitaphana hyzmatlarynyň işi bilen ýakyndan tanyşdyrmakdan ybarat boldy.


TDBGI


Tejribäniň dowamynda talyplar kitaphananyň okalga zallaryna, elektron maglumat merkezlerine, kitap gaznalaryna we beýleki bölümlerine aýlanyp gördüler. Şeýle-de, olara kitaphananyň binagärlik taslamasy, içerki we daşky bezeg aýratynlyklary, giňişlikleriň funksional ýerleşdirilişi hem-de ulanylyş netijeliligi barada giňişleýin maglumatlar berildi.


TDBGI


Talyplar kitaphana binasynyň taslamalaşdyrylyşynda ulanylan häzirki zaman binagärlik usullaryny, jemgyýetçilik binalaryna bildirilýän talaplary hem-de binagärlik gurşawyny taslamalaşdyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenmäge mümkinçilik aldylar. Bu bolsa olaryň nazary bilimlerini amaly tejribe bilen utgaşdyrmagyna, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmegine we geljekki hünär işine taýýarlygyny ýokarlandyrmagyna ýardam berdi.


TDBGI


Okuw-tanyşlyk tejribeliginiň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap aldylar, kitaphananyň işiniň aýratynlyklary hem-de binanyň taslama çözgütleri barada goşmaça maglumatlar bilen tanyşdylar. Şeýle okuw-tejribelikleri ýaş hünärmenleriň hünär taýdan kämilleşmeginde, döredijilikli pikirlenişiniň ösmeginde hem-de amaly bilimleriniň baýlaşmagynda möhüm ähmiýete eýedir.


TDBGI