“Taýboks boýunça halkara üstünlik – ýaşlaryň ýeňşi”

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Senagat we raýat jaý gurluşygy” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyplary – “A” toparynyň talyby Möjekow Jemşit we Baýmyradow Muhammetmyrat “B” toparynyň talyby 2026-njy ýylyň 12–21-nji iýun aralygynda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen “Gyrgyz Merjeni” atly halkara sport oýunlarynda “TAÝBOKS” görnüşi boýunça üstünlikli çykyş edip, 2-nji orna mynasyp boldular.

Bu gazanylan üstünlik olaryň sporta bolan çyn ýürekden yhlasynyň, yzygiderli türgenleşiginiň hem-de ýeňşe bolan berk erk-isleginiň netijesidir. Şeýle ýokary derejeli halkara ýaryşlarda üstünlik gazanmak diňe bir şahsy ýeňiş bolman, eýsem ýurdumyzyň ýaşlarynyň hem ukyp-başarnygynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Halkara arenasynda gazanylan bu üstünlik ýaşlaryň arasynda sporta bolan gyzyklanmany has-da güýçlendirýär, olary täze sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Şeýle hem bu ýeňiş watançylyk duýgunyň has-da berkemegine we ýurdumyzyň halkara sport abraýynyň ýokarlanmagyna hyzmat edýär.

Şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwlet işleriniň hemişe üstünlikli bolmagyny arzuw edýäris.


TDBGI