“Magtymguly Pyragynyň dilleriniň senasy – bu gün bagtyýardyr türkmen binasy” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň dilleriniň senasy – bu gün bagtyýardyr türkmen binasy” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.


TDBGI


Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen bu ylmy-amaly maslahatynda milli mirasymyzy wagyz etmek, sungaty ösdürmek we ýaş zehinleri ýüze çykarmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


TDBGI


Milli medeniýetimizi, medeni mirasymyzy ösdürmäge uly üns berilýän ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki gazanýan üstünlikleri barada maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen bellediler. Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasy türkmen halkynyň ruhy genji-hazynasynyň, onuň öz köklerini müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan özboluşly milli medeniýetiniň ähmiýetli hem-de aýrylmaz bölegidir. Türkmen nusgawy şahyrynyň goşgulary häzirki döwürde ruhy, ahlak, estetiki taýdan terbiýelemegiň öz ýokary maksadyny we belent wezipesini ýerine ýetirýär. Magtymguly Pyragynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň genji-hazynasyna giren eserleri häzirki wagtda adamlaryň kalbynda belent duýgulary oýarmak bilen dünýäniň ençeme dillerinde ýaňlanýandygy barada ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler bellediler.


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


Gülnar TEKAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ylym bölüminiň esasy hünärmeni