Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünliklerimizde, ýetýän belent sepgitlerimizde ýaşlaryň hyzmaty örän ulydyr. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmekde mähriban ýaşlarymyzyň gujur-gaýraty, döredijilikli we tutanýerli zähmeti uly buýsanç duýgysyny döredýär.
Institutymyzyň uçurymlarynyň işi senagat we raýat binalaryny we desgalaryny gurmak, binalary we desgalary gurmak üçin innowasion tehnologiýalary işläp düzmek, täze gurluşyk desgalaryny we materiallaryny döretmek, inženerçilik dolandyryş hyzmatlaryny ösdürmek, gurluşygy meýilleşdirmek we gurnamak, taslama-çenlik resminamalaryny işläp düzmeklige ugrukdyrylandyr.
Häzirki wagtda institut inženerçilik ylmyna degişli ähli ugurlar boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş kärhanalary bolan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýar we goýberýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň taryhy wakalary bilen şöhratlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 17-nji iýunynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlaýan uçurym talyplaryň arasynda “Uçurymlar - ýollaryňyz ak bolsun!” atly aýdym-sazly baýramçylyk gutardyş dabarasy uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi.
Dabaraly çärä institutyň professor-mugallymlary, myhmanlar, uçurym talyplaryň ata-eneleri gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda uçurymlarymyzyň arasynda okuwda görkezen ýokary görkezijileri bilen Halkara we döwlet derejesindäki bäsleşiklerinde altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp bolan, jemgyýetçilik-medeni, sport çärelerinde işjeňlik görkezen zehinli ýaşlarymyza tapawutlanan diplomlary, ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýramçylyk çäräniň dowamynda institutyň “Bagtyýarlyk binasy” aýdym-saz toparynyň hoş owazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da belende galdyrdy.

Baba Myratberdiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy