Ylymlar güni mynasybetli her ýyl jemleri jemlenilýän, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirilýän Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşikde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary ýeňiş gazandylar. Olar “Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika” kafedrasynyň mugallymy Nurgeldi Muhamedkuliýew, “Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary” kafedrasynyň mugallymy Medet Saryýew, “Çyzuw we materiallaryň garşylygy” kafedrasynyň mugallymy Şamuhammet Rahmanberdiýew, “Kärhanalarda ykdysadyýet we dolandyryş” kafedrasynyň mugallymy Bahram Ataýew, şeýle hem Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň talyplary Şanazar Bäşimow we Kakajan Kakaýew. Institutyň Ýaş alymlar geňeşiniň öňdebaryjy agzalary bolan bu mugallymlar we talyplar nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, biotehnologiýa, ekologiýa, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary we innowasiýa ykdysadyýeti ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça ylmy işleri bilen üstünlikli çykyş edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp boldular.

Görşümiz ýaly ýurdumyzda ylymly, bilimli, zehinli ýaşlara we olaryň netijeli ylmy işlerine uly üns berilýär. Ýaş alymlar ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge hem-de halkara abraýyny belende götermäge özleriniň täzeçil pikirleri, innowasion işläp taýýarlamalary we ylmy açyşlary bilen mynasyp goşant goşýarlar. Her ýyl däbe öwrülen Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň geçirilmegi bolsa ýaş alymlarymyzy has-da uly göwrümli ylmy işlere ruhlandyrýar.