Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Beýik Britaniýanyň wekilleri umumy okuw sapagyny geçirdi

Beýik Britaniýanyň “Zaha Hadid Architects” (ZHA) binagärlik kompaniýasynyň direktory Manuela Gatto we kompaniýanyň uly derejeli hünärmeni Sattor Jabbor Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlaryna Beýik Britaniýanyň binagärlik kompaniýalarynyň binagärlik ugrunda  alyp barýan işleri we tejribeleri barada umumy okuw sapagyny geçirdi. Bu umumy okuw sapagyna 200-e gowrak talyp-ýaşlar işjeň gatnaşdylar.


TDBGI


Beýik Britaniýaly wekiller tarapyndan guralan umumy okuw sapagynda häzirki zaman binagärlik desgalary, binagärlikde sanly innowasiýalar, döwrebap gurluşyk materiallary hem-de şähergurluşyk ulgamyndaky iň täze inženerçilik çözgütleri barada giňişleýin maglumatlar berildi.


TDBGI


Duşuşygyň çäklerinde taraplar halkara ylmy-intellektual hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda binagärlik ugry boýunça bilelikde taslama işlerini alyp barmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we innowasion gurluşyk tehnologiýalaryny önümçilige integrirlemek meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.


TDBGI


Myhmanlaryň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna gelmegi mynasybetli institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag, taslama işleriniň netijeleri boýunça taýýarlanan sergisi gurnaldy. Myhmanlar guralan sergi hem-de institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň taslama işleri bilen içgin tanyşdylar.

Duşuşyk işjeň sorag-jogap tapgyry bilen tamamlandy. Çäräniň jeminde bu görnüşdäki halkara akademiki mobillik platformalarynyň yzygiderli guralmagynyň Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasyndaky ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny we dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga uly goşant goşjakdygy bellenildi.


Amanmyrat Arazow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ylym bölüminiň başlygy