TALYP TÜRGENIMIZIŇ ÝEŇIŞI

Türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy ýurdumyzyň sportunyň dünýä ýüzünde gazanýan üstünlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan sport syýasatynyň aýdyň ykrarnamasydyr.

2026-njy ýylyň 17-nji maýynda Kaspiýsk şäherindäki (Dagystan Respublikasy) Ali Aliýew sport we ýaşlar köşgünde Ali Aliýewiň hatyrasyna 56-njy halkara erkin göreş ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygy ugrunyň 2-nji ýyl talyby Döwletgeldi Myradow 92 kg. agram derejesinde çykyş edip bürünç medala we diploma mynasyp boldy.


TDBGI